Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

16:1629.03.2024
0
15821

28-nji martda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze bilen duşuşdy. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar medeniýet, bilim, ylym ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, özara saparlary guramak, bilelikdäki konferensiýalary, leksiýalary hem-de bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmek baradaky meselelere garadylar.

Ilçi şu ýyl döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol rektory bu senä bagyşlanyp geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ösmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýän ylym, bilim, medeni we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek hem-de berkitmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň