Türkmenistanda pensiýadaky raýatlar üçin kompýuter sowatlylygy boýunça tölegsiz okuwlar açyldy

10:4230.01.2024
0
52656

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi pensiýa ýaşyndaky raýatlar üçin sanly sowatlylyk boýunça tölegsiz okuwlary açdy. 20 adamdan ybarat bolan ilkinji topar eýýäm bir aýlap dowam eden okuwy üstünlikli tamamlady we döwlet şahadatnamalaryny aldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Merkeziň baş hünärmeni Serdar Ýagşyýewiň belleýşi ýaly, sapaklar her gün geçilip, «Innowasiýa kompýuter tehnologiýalary» maksatnamasyna laýyklykda, jemi 54 sagat dowam edýär. Häzir bolsa 30 adamdan ybarat başga bir topar döredildi.

Başlangyç okuwda diňleýjiler kompýuter bilen işlemegiň esaslaryny — ony açmagy, faýllary ýatda saklamagy, klawiatura we printer bilen işlemegi öwrendiler. Şeýle hem, pensiýadaky raýatlar brawzerleri ulanmagy, elektron poçtany hasaba goýmagy hem-de internete toruna girmegi özleşdirdiler.

Merkeziň hünärmenleriniň pikiriçe, şu günler kompýuter sowatlylygy diýseň zerur bolup, bu gündelik meseleleri netijeli çözmäge, onlaýn hyzmatlara töleg tölemäge we ýakynlaryň bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, kompýuter öwrenmek bilen, ýaşuly adamlar boş wagtlaryny kitap okamak, filmlere tomaşa etmek ýaly peýdaly zatlara sarp edip bilerler.

Bu okuwlar Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýar.

Pensiýadaky raýatlar bu okuwlara gatnaşmak üçin pasportyny, pensiýa şahadatnamasyny hem-de resminamalar üçin bir suratyny bermelidir.

Tölegsiz sapaklar şu salgyda geçirilýär: Magtymguly şaýoly, 136-njy jaý (Türkmenistanyň Milli bilim instituty).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 36-19-25; (+993 65) 50-31-84.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň