«Turkmenportalda» täze «Samsung» smartfonlarynyň emeli aň mümkinçiliklerine wideosyn berildi

15:1624.01.2024
0
25408

«Turkmenportal» habarlar web saýtynyň PRO100 TECH tehnologik synynyň täze sany koreýaly öndürijiniň täze döredilen flagman smartfonlarynyň Samsung Galaxy AI emeli aň mümkinçiliklerine bagyşlanýar.

Alypbaryjy «Samsung Galaxy S24» smartfonlarynyň ulanyjylary üçin elýeterli boljak täze funksiýalar barada özünde galan täsirleri paýlaşýar. Olaryň arasynda – surat we wideo redaktirlemegiň giň mümkinçilikleri, tekstleri ýazmak we terjime etmek üçin emeli aň kömekçileri we ş.m bar.

Bu tehnologik syn «Samsungyň» täze önümleri barada hakykaty aýtmak bilen jemlenýär.

Täze wideony görmek üçin şu salgylanma giriň.

PRO100 TECH tehnologik synynyň indiki sanlaryny «Turkmenportal» web saýtynyň «Media» bölüminden görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň