Prezident «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi

05:5920.01.2024
0
19519

19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda milli önümçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň döwrüň talabydygyny belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň