«Turkmenportalda» PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi

14:0318.01.2024
0
26491

«Turkmenportal» web sahypasyndaky «Mediýa» bölüminde PRO100 TECH atly täze gepleşigiň birinji bölümi ýerleşdirildi. Täze gepleşikde alypbaryjy Kirill Tişkin tehnologiýa we elektronika dünýäsine degişli enjamlara syn berer.

Synyň ilkinji mowzugy garaşylýan flagman smartfony Samsung Galaxy S24 boldy. Gepleşikde belli bolan maglumatlara esaslanýan täze modelleriň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berilýär.

PRO100 TECH bölüminiň tapawutly aýratynlygy — islendik ulanyjylar üçin ýönekeý we düşnükli dilde enjamlaryň tehniki aýratynlyklaryny düşündirmekden ybaratdyr.

«Turkmenportal» web sahypasyndaky «Mediýa» bölüminde PRO100 TECH-iň täzeliklerini yzarlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň