«Hermitage Home Interiors» kompaniýasy Türkmenistanda diňe bir premium derejeli interýerler üçin häzirki zaman çözgütleri bilen däl, eýsem, dünýäniň ygtybarly öndürijileri bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygy esasynda hem tanalýar.
«Hermitage Home Interiors» kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, «Mapei» kompaniýasynyň innowasion gurluşyk materiallary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Gurluşyk materiallaryny öndürmekde dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy kompaniýa bolan «Mapei» 80 ýyldan gowrak tejribesi hem-de himiýa we gurluşyk tehnologiýasy ulgamlaryndaky üznüksiz gözlegleri bilen tanalýar. Onuň önümleri dürli göwrümli taslamalarda, şol sanda ýokary derejeli ýaşaýyş we täjirçilik desgalarynda giňden ulanylýar.

«Hermitage Home Interiors» müşderilerine diňe iň gowy önümleri hödürlemegi maksat edinýär, «Mapei» hem bu ýokary standartlara laýyk gelýär. «Mapei» islendik dizaýn isleglerini durmuşa geçirmäge, şeýle hem amatly we rahat jaý döretmäge mümkinçilik berýän önümleriň giň toplumyny hödürleýär.
Kompaniýanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda şular bardyr:
- gidroizolýasiýa we ýyladyjylar – öýüňizi çyglylykdan goramak hem-de amatly ýylylyk izolýasiýasyny üpjün etmek üçin täsirli çözgütlerdir;
- binýatdan başlap, timarlamak işlerine çenli islendik taslama zerurlygy üçin gurluşyk garyndylary;
- ýokary güýçli ýelimler hem-de aralyklary dolduryjy garyndylar (zatirka) kafeller, daşlar we beýleki bezeg materiallary üçin ygtybarly we çydamly baglanyşygy üpjün edýär;
- boýaglar: häzirki zaman reňk öwüşginleri, ýokary hil we wagtyň täsirine çydamlylyk «Mapei» boýaglarynyň esasy aýratynlyklarydyr;
- bezeg örtüklerinden başlap, poly ýylatmak üçin innowasion çözgütlere çenli pol üçin taýýar taslamalar.
«Mapei» daşky gurşawy goramaga aýratyn üns berýär. Kompaniýa durnukly gurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän önümleri öndürýär. Munuň özi olary daşky gurşawy goraýanlar üçin ajaýyp önüme öwürýär.
«Hermitage Home Interiors» we «Mapei» innowasiýalary, hili we ekologiýa jogapkärçiligini birleşdirip, gurluşykda we otaglaryň dizaýnynda deňsiz-taýsyz hil gözleýän her bir adam üçin ajaýyp hyzmatdaşlygy döredýärler.

«Hermitage Home Interiors» diňe bir materiallary hödürlemän, eýsem, işiň her tapgyrynda müşderilerine goldaw hem berýär. Kompaniýanyň hünärmenleri taslamaňyz üçin «Mapei-den» iň gowy çözgütleri saýlamakda maslahat bermäge we kömek etmäge taýýardyrlar, şeýle hem olar dizaýn taslamasyny döretmek we olary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler.
«Hermitage Home Interiors» kompaniýasynyň hödürleýän harytlary bilen tanyşmak, şeýle hem her bir harydyň niýetlenilişi we ulanylyş usullary barada kompaniýanyň ökde hünärmenlerinden doly maglumat almak üçin (+993 12) 75 28 75 telefon belgisine ýa-da şu salga ýüz tutup bilersiňiz: G. Kuliýew köç., 39, «USSAT» söwda merkezi, 1-nji gat.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- elektron poçta info@hermitage.tm;
- sosial ulgamdaky sahypasy;
- resmi saýty: hermitage.tm.
