Gazak-türkmen serhedindäki «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokady döwrebaplaşdyrylýar
Turkmenportal logo
04.05.23
3982739827
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazak-türkmen serhedindäki «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokady döwrebaplaşdyrylýar
Gazak-türkmen serhedindäki «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokady döwrebaplaşdyrylýarSurat: Mangystau sebiti üçin döwlet girdejileri bölümi

Gazagystan Mangistau sebitinde Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetdäki barlag-goýberiş nokatlaryny döwrebaplaşdyrýar. Bu barada ýurduň Döwlet girdeji departamentiniň Mangistau sebiti boýunça metbugat gullugyna salgylanyp, «Sputnik» gullugy habar berdi.


Türkmenistan bilen serhetdäki «Temir-Baba» we Özbegistan bilen serhetdäki «Tažen» barlag-goýberiş nokatlaryny abadanlaşdyrmak we enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu iş barlag-goýberiş nokatlarynyň geçirijiligini hem-de dolanyşygyny artdyrar. Şoňa laýyklykda, barlag-goýberiş nokatlary täze aragatnaşyk we maglumat geçiriş tehnologiýalary, şahsyýetlere, goşlara, harytlara we ulaglara gözegçilik etmek üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.


Taslamany durmuşa geçirmegiň çäginde barlag-goýberiş nokatlary enjamlaşdyrylanda ulag serişdeleriniň akymynyň kesişmeginiň öňüni almak maksatlary hem göz öňünde tutular. Şeýle hem ammarlar, awtoulag duralgalary, karantin duralgalary, uly/agyr ulaglar üçin aýratyn zolaklar hem enjamlaşdyrylar. Awtoulag zolaklarynyň sany ikiden alta çenli artdyrylar.


Taslamanyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Döwrebaplaşdyrma işlerinden soň barlag-goýberiş nokatlarynyň geçirijilik kuwwatyny 8-12 esse köpeltmek we wagty bir sagatdan 25 minuda çenli azaltmak meýilleşdirilýär.

Afişa

Makalalar

Sosial ulgamlarda bize agza boluň

We iň täze habarlardan habarly boluň

youtube logotik tok logotwitter (X) logoX logoVk logoOk logo