Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýyl üçin Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy çap edildi

18:2317.01.2023
0
225637

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-nji ýyl üçin dünýä belli uniwersitetleriň sanawyny tassyklady. Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň täze sanawyna dünýäniň dürli künjeklerinden 1500-den gowrak ýokary okuw jaýy girýär.

2023-nji ýyldaky öňdebaryjy okuw jaýlarynyň doly sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda çap edildi.

2019-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» resminama laýyklykda hünärler, jemgyýetçilik ylymlary we ynsanperwer ugurlary boýunça hünär bilimini almak isleýän talyplar halkara sanawda görkezilen uniwersitetleri saýlamalydyrlar.

2023-nji ýyl üçin taýýarlanan uniwersitetleriň sanawy dünýädäki iň abraýly üç uniwersitetiň («Times Higher Education World University Rankings», «Academic Ranking of World Universities» we «QS World University Rankings») hasabatlaryna esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň