Dürli işlerimizi ýeňilleşdirýän smartfonlaryň aýratynlyklary günsaýyn artýar. Muňa garamazdan, käbir adamlar diňe gepleşmek üçin telefon götermegi halaýar. Käbir adam bolsa, tehniki aýratynlyklary o diýen ýokary bolmadyk telefonlar bilen kanagatlanýar. LG kompaniýasy “W11”, “"W31” we “W31+” atly bahasy amatly bolan telefonlary tanyşdyrdy. Bu telefonlar geçen ýyl satuwa çykarylan “W10”, “W30” we “W30+” modelleriniň has kämil görnüşi bolup, arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. Üç telefonyň hem tehniki aýratynlyklary bir-birine örän meňzeş. Telefonyň ekranyň ululygy 6,52 dýuým bolup HD+ durulygynda şekil hödürleýär. Selfi kamerasy 8 MP, yz tarapynda 13 MP esasy hem-de 2 MP durulygynda çuňluk kameralary bar. “MediaTek Helio P22” mikroprosessor oturdylan telefonyň RAM-y 3 GB we içki ýady 32 GB. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän smartfonyň batareýasynyň kuwwaty 4,000 mA/sagada deň. Smartfonlar 128-160 dollar aralygynda satuwa çykarylar.
