Goňur deňiz suwotlary – bu saglygyň gymmatly çeşmesidir. Ony her bir adam üçin elýeterli etmek – biziň kompaniýamyzyň baş maksady we pelsepesi bolup durýar. 2005-nji ýyldan bäri goňur deňiz suwotlarynyň esasynda önümleri döretmek bilen Vertera siz üçin demirgazyk deňizleriniň çuňluklarynyň peýdasyny gorap saklaýar. Vertera – bu organizmiň ýaşarmagy, arassalanmagy, iýmitlenmegi we gormonal balansynyň dikelmegi üçin, onuň daşyndan nurly, içinden bolsa sagdyn bolmagy üçin tebigy komponentleriň toplumydyr. Şol sebäpden Vertera – bu jemgyýet tarapyndan isleg bildirilýän kämil önüm bolup, onuň islegine laýyk gelýär we bütin dünýäde meşhurlyga eýedir. Näme üçin biz hut deňiz suwotlaryny ulanýarys? Deňiz suwotlary seçiji kumulýatiw ukyba eýedir – olar dürli makro- we mikroelementler toplumyny toplap bilýärler. Şeýlelikde, laminariýanyň düzüminde adamyň saglygy üçin zerur bolan 140-dan gowrak witaminler, minerallar, mikro- we makroelementler bar. Deňiz suwotlaryndaky peýdaly maddalaryň (ýoduň, sinkiň we ş.m.) konsentrasiýasy gury ýerde ösýän ösümliklerdäki meňzeş maddalaryň mukdaryndan ençeme esse ýokarydyr. Näme üçin deňiz suwotularynda şeýle köp peýdaly maddalar bar? Gury ýerde ösüp, toprakdan iýmitlenýän ösümliklerden tapawutlylykda deňiz suwotlarynyň kökleri bolmaýar. Gadymy deňizlere millionlarça ýyllap baryp guýýan derýalar toprakdan duzlary we minerallary ýuwup aýrypdyr. Eredilen görnüşde bu maddalar deňizleriň düýbünde toplanyp, deňiz suwunyň unikal himiki we bioaktiw düzümini döredipdir. Şeýlelikde, deňze gury ýeriň “ekstrakty” diýip aýtsa bolar. Deňiz suwotlary nädip organizme kömek edýär? Eger-de adamyň organizminiň her bir öýjügi zerur bolan iýmitlenmäni alsa we öz-özi netijeli arassalanýan bolsa, adam sagdyndyr. Munuň üçin oňa witaminlerden, minerallardan, makro- we mikroelementlerden başga ýene-de molekulalaryň 4 görnüşi gerek: Beloklar; Nuklein kislotasy; Ýaglar; Uglewodlar. Bu 4 sany ilkinji metabolitleriň hemmesi birwagtda diňe deňiz suwotylarynda bardyr.