Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda semizlik dünýäde az agramlylyga garanda, has köp ýaýrandyr diýip, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) habar berdi.
«2025-nji ýylda taryhy öwrülişik boldy: 5 — 19 ýaşly çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda semizligiň ählumumy derejesi az agramlylygyň derejesinden ýokarlandy (9,2 göterimiň garşysyna 9,4 göterim)» diýlip, «Girdejiniň hatyrasyna iýmit» diýlen hasabatyň maglumatlarynda bellenýär. Onda artykmaç agramly çagalaryň dünýäniň her bir sebitinde köpelýändigi aýdylýar.
Şeýle çagalar we ýetginjekler aýratyn-da Latyn Amerikasynda, Karib deňzi ýurtlarynda, Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Amerikada we Demirgazyk Afrikada köpdür.
Asyryň başyndan bäri artykmaç agramly çagalardyr ýetginjekleriň sany iki esse artyp, 194 million bolanlygyndan 391 milliona ýetipdir. Şunda has köp ösüş pes we orta girdejili ýurtlarda hasaba alnypdyr.
