Uly adamlaryň hiç bir sebäpsiz süýjülik satyn alýandygy barada teoriýa bar.
«Çaýyň ýany bilen iýmek üçin».
«Çagalary begendirmek üçin».
«Myhman gelýär».
«Ýekeje ekler hiç zadam bolanog-a».
Soňky jümle aýratyn ynandyryjy eşidilýär. Gapdalynda ikinji ekler peýda bolýança.
Süýjüligiň nädip keýpiňi aňsatlyk bilen üýtgedip bilýändigine düşünmek üçin biz «Zyýat Hil» konditer dükanlar zynjyryna ugradyk hem-de kiçijik gastronomik synag geçirmegi ýüregimize düwdük. Berk baha bermezden, çylşyrymly adalagalary we «bu örän süýji» diýen jümläni ulanmazdan, diňe dadyp görmek arkaly.
Iň gorkuly soragdan başlalalyň: nämeden başlamaly?

Birinji raund. Traýfl: aşa owadan görünýän süýjülik
Dury bulgurdaky traýfl — bu ýagdaýda süýjüligi ilki surata düşüresiň gelýär, şondan soň iýesiň gelýär.
Plastik bulguryň dury diwarlarynyň aňyrsyndan biskwitiň, kremiň, miweleriň ýa-da beýleki huruşlaryň gatlaklary görünýär. Netijede, pyçak hem, tarelka hem talap etmeýän kiçijik süýjülik «torty» emele gelýär.
Birinji gatlak — ýumşak.
Ikinji gatlak — kremli.
Üçünji gatlak bolsa tagam we tekstura goşýar.
Şu ýerde bolsa bir mesele ýüze çykýar: traýfl göwnüňden turandygyny ýa-da turmandygyny çözüp ýetişýänçäň gutarýar.
Netije: tortlary gowy görýän, emma uly bir tortyň saçagyň ýarysyny tutup duranyny islemeýänler üçin amatly saýlaw.

Ikinji raund. Ekler: könelmek islemeýän klassika
Eger traýfl süýjülik tekjeleriniň döwrebap gahrymany bolsa, ekler konditer dünýäsiniň hakyky weteranydyr.
Gaýnag suw bilen ýugrulan hamyr, näzik huruş we owadan glazur bezegi.
Çylşyrymly zat ýok ýaly görünýär.
Ýöne edil adaty süýjülikler bilen hemme zat has çylşyrymly bolýar: eger önümler ýokary hilli bolmasa ýa-da deňagramlylyk bozulan bolsa, muny gizlemek mümkin däl.
Gowy ekler näzik bolmaly, emma çyg bolmaly däl, süýji, emma aşa süýji bolmaly däl, huruş bolsa hamyry kremly batona öwürmän, ony doldurmalydyr.
«Zyýat Hilde» eklerler bir käse kofe içjek bolup durkaň, kofe bilen bilelikde almaga amatly bolan önüme öwrülýär.
Spoýler: netijede, kofeniň özi ekleriň ýanyna goşundy bolup galýar.
Üçünji raund. Baklawa ringe çykýar
Bu ýerde bolsa düýbünden başga taryh başlanýar.
Grek hozy we pisse bilen taýýarlanan baklawa ýeňil süýjülik bolmaga synanyşmaýar. Ol özüni derrew yglan edýär.
Kitirdewük gatlaklar.
Hozly huruş.
Süýji şerbet.
Ýag we hoz tagamy.
Şeýle hem çemçe ýa-da wilka ýokarky kitirdewük gatlagy döwende peýda bolýan şol ses.
Baklawa umuman gyzykly süýjülik. Ony kiçijik bölekler bilen iýip bolýar, sebäbi uly bir bölegi hakykatdan hem köp. Ýöne edil şonuň üçin hem el näme üçindir indiki kiçijik bölege tarap uzaýar.
Gastronomik maslahat: baklawany howlukman iýmeli. Birinji bölek — teksturany duýmak üçin, ikinji — tagamyna düşünmek üçin, üçünji — ilkinji iki bölegiň eýýäm hiç zady üýtgetmeýändigi üçin.

Dördünji raund. Içi gaýnadylan süýtli hozjagazlar — we birdänkä biz ýene-de sekiz ýaşymyzda
Tanyşdyrmagy talap etmeýän süýjülikler bar.
Siz olary bir gezek görýärsiňiz — we eýýäm tagamyny bilýärsiňiz.
Içi gaýnadylan süýtli hozjagazlar hem şeýledir.
Kitirdewük gabyk, goýy süýji huruş we köpleriň çagalykdan ýadynda galan tagam.
Bu gastronomik çylşyrymlylygy bolmadyk süýjülik.
Ony «köp derejeli tagam profili» ýaly sözler bilen düşündirmek gerek däl.
Hozjagaz diňe: «Hä, ýadyňa düşdimi?» diýýär.
Sen hem ýatlaýarsyň.
Indi bolsa ony öýde taýýarlap göreliň
Gastronomik žurnalistika — çynlakaý zat. Ýöne käte dadyp görmegiň iň gowy jemlemesi — aşhana gitmekdir.
Meselem, traýflyň «ýalta» görnüşini taýýarlap bolýar.
Öý traýfly «Myhmanlar eýýäm gapyda»
Oňa şu önümler gerek:
· taýýar biskwit;
· gaýmak ýa-da ýumşak krem;
· şeker pudrasy;
· ýertudana, banan ýa-da başga miweler;
· biraz şokolad.
Biskwiti kubik görnüşinde kesýäris.
Bulguryň içine biskwitiň birinji gatlagy ýerleşdirilýär, soň krem, soňra miweler. Ýene bir gezek gaýtalaýarys.
Ýokarsyna — şokolad gyryndysy ýa-da miweler.
Boldy. Hiç hili konditer akademiýasy gerek däl.
Iň uly syr — dury bulgur. Ol işiň ýarysyny siziň üçin edýär.
Baklawany ýönekeýleşdirip bolarmy?
Bolýar.
Inçe hamyr, mesge ýagy, grek hozy, pisse we şekerden taýýarlanan şerbeti alýarys.
Hamyryň her gatlagyna ýag çalýarys, gatlaklaryň arasynda hozlary paýlaýarys. Bişenden soň şerbet goşýarys we baklawany biraz «dynç almaga» goýýarys.
Hut «dynç almak» sözi bu ýerde has möhümdir.
Gyzgyn baklawa entek öz hakyky häsiýetini görkezmeýär. Şerbet gatlaklaryň arasynda paýlanar ýaly oňa wagt gerek.
Ýöne bir düzgün bar: ony bişiren badyna dadyp görmäň.
Bu düzgüni konditerler oýlap tapdy.
Emma düzgüni hemmeler bozýarlar.
Biz tagamly synagdan soň nämä düşündik?
Konditer işinde iň gyzykly zat — süýjülikleriň sany däl.
Elbetde, ýüz dürli kökäni islendik uly aşhana taýýarlap biler.
Has möhüm zat başga — adamyň belgili bir keýpine görä saýlawynyň bolmagy.
Kiçiräk bir zat isleseňiz — traýfl.
Kofeniň ýanyna süýjülik gerek bolsa — ekler.
Myhmanlar gelse — tort.
Gündogar süýjüligini isleseňiz — baklawa.
Eger çagalygyňyza dolanmak isleseňiz — içi gaýnadylan süýtli hozjagazlar.
Belki, edil şonuň üçin hem konditer dükanlary diňe bir iýmit söwdasy üçin hereket etmeýärler.
Olar kiçijik sebäpleri satýarlar.
Duşuşyk üçin.
Baýramçylyk üçin.
Sowgat üçin.
Maşgala çaý içişligi üçin.
Hatda siz: «Şu gün hiç hili süýji zat almarys» diýýän agşamyňyz üçin hem.
Soňra bolsa näme üçindir «Zyýat Hiliň» tekjeleriniň öňünde peýda bolýarsyňyz.
Şu ýerde hem biziň synagymyz doly şowsuzlyga uçrady.
Sebäbi biz öýe diňe ýekeje süýjülik satyn aljak bolupdyk.