Turkmenportal logo
31.08.2026
8011180111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ulalaňda kim bolasyň gelýär?» — Köpleriň eşitmedik 10 sany hünäri

Çagalykda her kimiň öz arzyly arzuwy hökmünde kalbynda beslän hünärleri bolýar. Olam her alty aýdan diýen ýaly üýtgäp durýar. Emma olary eşitmek şeýlebir gulaga ýakymly: kosmonawt, ýangyn söndüriji, mal lukmany, futbolçy, uçarman... Bu arzuwlar asylky islenilişi ýaly derejede seýrek hasyl bolýar, ýöne köplenç möhüm zada ugrukdyrýar: çagada soňlugy bilen hakykata öwrüljek haýsy hem bolsa bir ugra çuňňur gyzyklanma bar.

Hünärler dünýäsi mekdep anketasyndaky «näme bolmaly?» diýen sowala jogap bererden has çylşyrymly, şonuň ýaly hem örän gyzykly. Lukmanlardan, inženerlerden we mugallymlardan başga-da, Ýer ýüzünde köpleriň heniz eşidip görmedik ýüzlerçe hünäri bardyr. Olar hatda ynanar ýaly bolmasa-da, hakyky, özem gowy aýlykly, özboluşly ussatlygy hem talap edýär. Ine, muňa degişli 10 sany mysal:

1. Yslary anyklaýjy (Odorolog). Ol atyr dükanlarynda we dezodorantlary, kir ýuwujy serişdeleri we howa arassalaýjylary öndürýän kompaniýalarda işleýär. Bu hünärmen ysyň näderejede netijelidigini hem-de intensiwligini anyklamak üçin hatda gerek bolsa täze önümi ulanyp gören meýletinçileriň goltugyna çenli ysgaýar. Şeýdibem ol ysyň düzümine baha berýär. Ys alyş başarnyklary ýyllaryň dowamynda öwrenilip, ýokary derejede ähmiýet berilýär. Ol edil sazandanyň sazy seljerişinden kemter gelýän däldir.

2. Foli-suratkeş. Filmler we teleseriallar üçin sesleri el bilen döredýän adam: mysal üçin ol krahmaly ezmek arkaly garyň sesini, kokos bölekleri bilen atlaryň toýnaklarynyň dükürdisini, seldereýi döwmek bilen, süňkleriň döwülişiniň sesini döredýär. Bu adamlar bolmasa, kino ses taýdan kän bir ynandyryjy hem bolmazdy.

3. Haýwan iýmitini dadyp görýän adam. Itler we pişikler üçin niýetlenen iýmitleri öndürýän iri kompaniýalarda önümleriň tagamyna, ysyna we hiline baha bermek üçin (hawa, şeýle hünärmen hakykatdanam bar) dadyp görýän hünärmenler işleýärler. Eýsem, haýwanlar bu iýmitleri dadyp göreni bilenem baha berip bilmeýär ahyryn.

4. Attraksion synagçysy: Bular güýmenje seýilgählerinde amerikan typançaklaryny we suw desgalaryny synagdan geçirýän professional hünärmenler bolýar. Olar müşderilerden öňinçä täze attraksionlaryň howpsuzlyk, rahatlyk we «G-basyş» aýratynlyklaryny synagdan geçirýärler.

5. Ys almak arkaly gaz syzmasyny anyklaýjy. Käbir gaz kompaniýalary henizem turbageçirijileriň töwereginde aýlanyp başardygyndan gaz syzmasyny anyklamaga çalyşýan, örän güýçli ys alyşly adamlary işde saklaýarlar. Olar gurallar bilen seljerişden öňinçä gazyň syzýan ýerini ýüze çykarmaga çalyşýarlar.

6. «Nobata durup beriji» hünärmen. Nýu-Ýork we London ýaly iri şäherlerde şeýle bir täsin hünär bar: haçanda müşderi bir iş bilen başagaý bolup, üstesine-de haýsydyr bir ýere, mysal üçin petek almaga, kazyýete barmaga, resmi duşuşyga nobata durmaly bolan ýagdaýynda, nobata durup beriji adam onuň ýerine nobata durup, nobaty saklap berýär.

7. Buzuň tagamyny kesgitleýji. Restoran we myhmanhana işewürliginde içgiler üçin niýetlenen buzuň hiline baha berýän hünärmenler bolýar. Olar buzuň ereýiş tizligine, arassalygyna, kub şekiline we hatda buzuň kokteýliň tagamyna nähili täsir edýändigine baha berip bilýärler.

8. Nawigatora we lifte ses beriji. «Üç ýüz metrden saga öwrüliň!» ýa-da «Gapylar ýapylýar!» diýen tanyş sözlemlerimiziň aňyrsynda müňlerçe aýry-aýry sözleri we sözlemleri ýazgy edýän diktor hünärmen bardyr. Soňra inženerler ol sesleri saýlap, sazlaşykly gepleşik görnüşinde ulanýarlar.

9. Açarlary saklaýjy (arhiwleriň we kolleksiýalaryň kastodiany). Muzeýlerde, seýrek kitaplar jemlenen kitaphanalarda hem-de şerap kärhanalarynda açarlary saklaýjylar bolup, olar diňe birje şkaf, ýerzemin ýa-da arhiw üçin jogapkärdirler. Bu ýerler kähalatlarda ýyllarboýy açylman ýatýan ýerlerdir we olarda näme saklanýandygyny açarlary saklaýjy hünärmenlerden özge iki-ýeke adam bilýär.

10. Gujaklaýjy hünärmen. Bu hünärmen tölegine terapewtiki taýdan ähmiýetli derejede gujaklap berýän adamdyr. Bu ugur käbir ýurtlarda dartgynlylygy we howsalany köşeşdirmek tejribesiniň bir bölegi hökmünde ykrar edilendir. Bu hünärmeniň işi etiki standartlar bilen berk düzgünleşdirilýär we sertifikatlaşdyrmany talap edýär.

Çagalyk arzuwlary geljekde haýsy kärde işlejekdigiňi seýrek ýagdaýlarda takyk salgy berýär. Ýöne ol hemişe ugrukdyryjy ýoly görkezýär — adam, hakykatdanam, belli-belli zatlara uly gyzyklanma bildirýär. Dünýä bolsa, öz gezeginde, ynsanyň çagalyk fantaziýalaryndan has täsindir: käbir çagalar kosmonawt bolmagy arzuw edýän mahaly dünýäniň başga bir künjeginde eýýäm deriniň ysyny duýup ýa-da pişik iýmitini dadyp baha berip aýlyk gazanyp ýören uly ýaşly adamlar bar. Bu kärleriň özara düýpgöter tapawutlydygyna garamazdan, olaryň bir umumy aýratynlygy bar: hakyky professionalizmi iň az garaşýan ýeriňden tapyp bolýar.