Türkmen karateçisi Dawut Nazmyradow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda 75 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy – bu Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki Oýunlardaky ilkinji baýragydyr.
22 ýaşly türgen ýaryşyň çärýek finalyny ynamly geçip, gyrgyzystanly Nazim Nurlanowy 7:2 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Nazmyradow siriýaly Fawwaz Bani Almarjeh bilen duşuşdy: tutluşygyň esasy wagty deňme-deň – 0:0 hasabynda tamamlandy, ýeňiş emin agzalarynyň çözgüdiniň (hantei) esasynda türkmen türgenine berildi, bu-da oňa finala çykmaga mümkinçilik berdi.
Altyn medal ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda Nazmyradow eýranly Mortaza Nemati bilen duşuşyp, 3:4 hasabynda ýeňildi we ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
XX tomusky Aziýa oýunlary Nagoýa şäherinde 19-njy sentýabrda açyldy we ol 4-nji oktýabra çenli dowam eder. Türkmenistana 57 adam, şol sanda sekiz görnüş boýunça – boks, sport göreşi, karate, guşak göreşi, ýeňil atletika, ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça 34 türgen wekilçilik edýär.