Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.
Sergide ýangyç-energetika toplumynyň, elektroenergetika, dokma senagatynyň, gurluşyk pudagynyň, oba hojalyk toplumynyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň kärhanalary öz öndürýän önümlerini, hödürleýän hyzmatlaryny hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini görkezýärler.

Sergide görkezilýän eksponatlaryň arasynda Arkadag şäherinde gurulýan demir ýol menziliniň futuristik äheňde taýýarlanan maketi hem bar.

«Arkadag» futbol kluby hem öz sergi bölüminde toparyň dürli ýaryşlarda gazanan kuboklarynyň ýygyndysyny görkezýär.

Söwda toplumynyň we ýurduň sebitleriniň sergi bölümleriniň öňünde myhmanlaryň köplügi göze ilýär. Bu ýerde azyk önümleriniň dürli görnüşleri — et we süýt önümleri, süýji-köke önümleri, ter gök önümler we miweler, kakadylan miweler, bal we beýleki önümler görkezilýär. Eksponatlaryň arasynda baýramçylyk mynasybetli bişirilen we ýüzünde «Türkmenistan» diýen ýazgy bolan baýramçylyk çöregi, şeýle hem milli usulda taýýarlanan çörek we çörek önümleriniň giň görnüşleri bar.

«Hasar» kompaniýasy özüniň şokoladlaryny, süýjüliklerini we konditer önümleriniň toplumlaryny görkezdi. Eti gaýtadan işleýän türkmen kärhanalary bolsa konserwirlenen et önümlerini — et konserwlerini, dürli görnüşlerde taýýarlanan et önümlerini we etli çorbalary hödürlediler. Aýry-aýry sergi bölümlerinde türkmen önümçiligi bolan duzlanan önümler, mürepbeler we konserwirlenen gök önümler hem görkezildi.
Sergä gelen myhmanlar özlerine ýaran önümlerini göni sergi bölümlerinden satyn alyp bildiler.

Sergide dokma senagatyna hem aýratyn bölüm berildi. Aşgabat dokma toplumy Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sowgatlyk toplumlaryny, şol sanda milli nyşanlar ýerleşdirilen süpürgiçleri we beýleki dokma önümlerini özboluşly gaplamalarda görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň işine başlanmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, sergi ýurduň ähli ugurlardaky ösüş depginlerini görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, depginli ösýän döwlet hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda mundan beýläkki ösüşiň kepili bolup hyzmat edýän berk ykdysady binýadyň döredilendigini aýratyn belledi.