Turkmenportal logo
Düýn 16:43
79197919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýaşlary Koreýa Respublikasynyň NIIED stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan 2027-nji ýyl üçin daşary ýurtly dalaşgärleri bakalawr derejesinde bilim almak boýunça döwlet stipendiýa maksatnamasyna kabul edýändigini habar berdi.

Maksatnamanyň çäklerinde: koreý dilini öwrenmek — 1 ýyl, esasy okuw maksatnamasy — 4–6 ýyl.

Koreý dili boýunça synagdan geçendigi baradaky 5-nji derejeden ýokary şahadatnamasy (TOPIK) bolup, saýlanyp alnan dalaşgärler koreý dilini öwrenmek tapgyryndan boşadylýar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Raýatlygy: Türkmenistan;

  • Ýaşy: 25 ýaşdan kiçi bolmaly (2002-nji ýylyň 1-nji martyndan soň doglanlar);

  • Bilimi: 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli orta mekdebi ýa-da kolleji tamamlan ýa-da tamamlamagy meýilleşdirýän bolmaly.

Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryndan (sişenbe) sagat 11:00-dan 30-njy sentýabryna (çarşenbe) çenli sagat 18:00-a çenli (Koreýanyň wagty bilen).

Okuwyň maksatnamasy we arzany tabşyrmagyň şertleri barada giňişleýin maglumatlar bilen ilçihananyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.