Turkmenportal logo
Düýn 11:21
69166916
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Li Çže Mýon Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy
Surat: Surat: koreatimes.co.kr

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy. Bu barada düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda bellenildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen gepleşikleriň bolsa iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu saparyň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.