Turkmenportal logo
10.09.2026
1116311163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministri we GDA-nyň Baş sekretary Awazada geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Taraplar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7 we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerine aýratyn garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň guramaçylyk meseleleri we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere hem garaldy.