Turkmenportal logo
03.09.2026
52845284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili ITF-niň prezidenti bilen tennis sportuny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew Nýu-Ýorkda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýaýradan habaryna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ITF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şol sanda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany we bilelikdäki hereketleriň «ýol kartasyny» taýýarlamak, şeýle hem iki tarapyň sport guramalarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary we tejribe alyş-çalyşlaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2027-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda ITF-nyň howandarlygynda ýetginjekleriň arasynda tennis ýaryşlaryny geçirmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan goşandy, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan başlangyçlar barada hem pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar tennis sportuny we halkara sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.