Turkmenportal logo
Düýn 23:51
66566656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Milli «Ýol kartasynyň» taslamasy taýýarlanyldy

2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 3-nji halkara maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli Türkmenistanyň Milli «Ýol kartasynyň» taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli «Ýol kartasynyň» taslamasynda ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler 6 sany esasy ugur boýunça jemlenendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.  

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.