Turkmenportal logo
Düýn 23:02
54975497
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergide ýurtda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşler we ýetilen sepgitler, döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere ýurduň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.