Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologiki desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz toplumyny ösdürmek, önümçilik desgalaryny kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.