Turkmenportal logo
Düýn 11:01
82508250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkmenportal» žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär

«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek.

Ýerine ýetirmeli işler:

  • wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak;

  • täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunça habar taýýarlamak;

  • materiallary sowatly, ýalňyşsyz we gysga wagtyň içinde taýýarlamak.

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • KHBS-de iş tejribesi (habarlary ýazmak, gaýtadan işlemek);

  • türkmen we rus dillerini erkin bilmek;

  • rus dilinde sowatly ýazmak;

  • habarlaryň gün tertibine düşünmek.

Şertler:

  • iş tertibi: duşenbe — anna günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni sagat 9:00-dan 13:00-a çenli;

  • zähmet haky söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bellenilýär.

Zähmet terjimehalyňyzy we iş üçin maglumatyňyzy «Wakansiýa: žurnalist» diýen bellik bilen info@turkmenportal.com elektron poçta salgysyna iberip bilersiňiz.