Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Koreýa Medeniýetiniň hepdeligi geçiriler. Degişli mesele Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje bilen Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar. Ilçi öňde duran çärä ünsi çekip, türkmen tarapyndan onuň geçirilmegine ýardam bermegi haýyş etdi.
Şeýle-de Li Wonje Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen Koreýa Respublikasyna ilkinji saparynyň ýurtlaryň arasyndaky medeni aragatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine uly itergi berjekdigini nygtady.
Ozal habar berlişi ýaly, 16-17-nji sentýabrda Seulda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň ýokary derejedäki ilkinji duşuşygy geçiriler — oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.