2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 4 469 syýahatçy Malaýziýa bardy. Bu barada Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylyk akymynyň ösüşine bagyşlanan «Tourism Malaysia» edarasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Umuman alanyňda, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlary aralygynda Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Täjigistandan Malaýziýa jemi 53 347 jahankeşde bardy. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwründäkiden (43 280 syýahatçy) 23,3 göterim ýokarydyr.
Sebit ýurtlarynyň arasynda iň ýokary ösüş Özbegistandan baran syýahatçylaryň sany boýunça hasaba alyndy. Ýylyň birinji ýarymynda Malaýziýa barýan özbek syýahatçylaryň 62 göterim artyp, 16 283 adama ýetdi. Täjigistandan baranlaryň sany 60,2 göterim köpelip, 2 131 adama ýetdi. Malaýziýa üçin Merkezi Aziýadaky iň uly bazar bolan Gazagystandan 26 296 syýahatçy bardy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim köpdür. Gyrgyzystandan baran syýahatçylylaryň akymy 13,7 göterim ýokarlanyp, 4 168 adama ýetdi.
«Tourism Malaysia» edarasynyň maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýadan, şol sanda Türkmenistandan baran syýahatçylaryň barha artýan gyzyklanmasyna ýurduň köpdürli syýahatçylyk mümkinçilikleri, şeýle hem ösen halal-infrastrukturasy, degişli aşhananyň giň toplumy we namaz okamak üçin ýerleriň elýeterliligi ýardam edýär.
Sebitleriň arasynda syýahatçylyk alyş-çalyşynyň ösmegine howa gatnawlarynyň giňeldilmegi goşmaça ýeňillik döredýär.
Syýahatçylyk akymynyň ösüşi ýurtdaky dürli syýahatçylyk ugurlaryny hem-de dynç alyş mümkinçiliklerini ilerletmäge gönükdirilen «Visit Malaysia 2026-2027» halkara kampaniýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
«Tourism Malaysia» Merkezi Aziýanyň Malaýziýa bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin geljegi uly bazar bolmagynda galýandygyny belleýär.