Turkmenportal logo
27.08.2026
1175111751
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýeke özi öýde» filminde surata düşen aktýor Tim Karri aradan çykdy

«Ol», «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda azaşan» we beýleki filmlerdäki keşpleri bilen tanalýan britaniýaly aktýor Tim Karri 81 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada 26-njy awgustda BELTA agentligi TMZ portalyna salgylanyp habar berdi.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, aktýor 25-nji awgustda Los-Anjelesdäki öýünde aradan çykypdyr. CNN teleýaýlymynyň ozal habar bermegine görä, Tim Karri 2012-nji ýylda agyr insult geçirip, şondan soň saglygy bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklary başdan geçiripdir.

Tim Karri 1946-njy ýylyň 19-njy aprelinde Çeşir graflygynyň Uorrington şäherinde dünýä inýär. Ol Kembrij we Birmingem uniwersitetlerinde drama sungaty we iňlis dili ugry boýunça okaýar.

Aktýor «Rokki Horroryň elhençlikler şüweleňi» filmindäki we Stiwen Kingiň «Ol» eseriniň ekranlaşdyrylyşyndaky keşpleri bilen giňden tanaldy. Ol bu filmde Penniwaýz atly masgarabazyň keşbini ýerine ýetirdi. Aktýoryň gatnaşan filmleriniň sanawynda «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda azaşan», «Kölege», «Ok sürlen ýarag», «Addamslar maşgalasynyň birleşmegi» we «Aşa gorkunç kino 2» ýaly filmler hem bar.

Karri kino we telewideniýedäki işinden başga-da, aýdym-saz bilen meşgullandy, animasiýa filmlerdäki we kompýuter oýunlaryndaky gahrymanlara ses berdi.