Turkmenportal logo
21.08.2026
1851718517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bäş welaýatynda sowadyjy ammarlar gurlar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurduň bäş welaýatynda sowadyjy we doňduryjy ammarlarynyň taslamasyny ýerine ýetirmek, olar üçin enjamlary getirmek hem-de gurmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi.

Tender bäş lota bölünýär:

  • 1-nji lot — Balkan welaýatynda kuwwaty 3000 tonna bolan sowadyjy ammarlary gurmak;

  • 2-nji lot — Daşoguz welaýatynda 5000 tonna;

  • 3-nji lot — Lebap welaýatynda 8000 tonna;

  • 4-nji lot — Mary welaýatynda 6000 tonna;

  • 5-nji lot — Ahal welaýatynda 8000 tonna.

Tender resminamalary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabry sagat 18:00-a çenli şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 52.

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: 44-64-14, 44-64-15, 44-64-77.