Turkmenportal logo
20.08.2026
1147311473
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günüň dowamynda birža söwdalarynda 44,5 million dollara barabar geleşikler baglaşyldy

Çarşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan, Türkiýe we BAE-niň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 633 200,00 manada we 44 590 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.