Turkmenportal logo
18.08.2026
98199819
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hünärmenleri Moskwada maliýe monitoringi boýunça maksatnama gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerinden düzülen wekiliýet Moskwada ýaş maliýe aňtawçylary üçin badalga berlen «Täze nesil» maksatnamasyna gatnaşýar. Maksatnamanyň açylyş dabarasy 17-nji awgustda Maliýe monitoringi boýunça Halkara okuw-usuly merkezinde geçirildi. Bu barada Russiýanyň Maliýe monitoringi boýunça federal gullugynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetinden başga-da, maksatnama Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşýarlar. Gatnaşyjylary Russiýanyň Maliýe monitoringi boýunça federal gullugynyň direktory Ýuriý Çihançin hem-de Rossotrudniçestwonyň (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işleri, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlar we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça federal agentliginiň) ýolbaşçysy Igor Çaýka mübärekledi.

Bu maksatnama Russiýanyň Maliýe monitoringi boýunça federal gullugy bilen Rossotrudniçestwonyň bilelikdäki tagallalary bilen şu ýyl dördünji gezek geçirilýär. Bir hepdäniň dowamynda wekiliýetler degişli guramalara baryp görerler, şeýle hem leksiýalara, ussatlyk sapaklaryna we işewürlik oýunlaryna gatnaşarlar. Ýuriý Çihançiniň sözlerine görä, şu ýyl gatnaşyjylar häzirki zaman howplaryna garşy göreşmek, ýagny jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan pul serişdelerini kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereketler boýunça taslamalary taýýarlamak üçin dört sany halkara topara bölündiler. Işleriň netijeleri Ýewraziýa toparynyň we Maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça toparyň meýdançalarynda dowam etdiriler.

Igor Çaýkanyň belleýşi ýaly, «Täze nesil» maksatnamasynyň hereket edýän döwründe oňa 150-den gowrak ýurtdan 11 müňden köp adam gatnaşdy. Şu ýyl bolsa Russiýa dürli bilim ugurlary boýunça 2 müňden gowrak ýaş hünärmeni kabul etdi.

Ýatladyp geçsek, 19–23-nji maý aralygynda Aşgabatda Ýewraziýa toparynyň 44-nji Plenar hepdeligi geçirildi. Oňa toparyň agza ýurtlaryndan, synçylardan we halkara guramalaryndan 300-e golaý adam gatnaşdy. Russiýanyň wekiliýetine Ýewraziýa toparynyň başlygy, Russiýanyň Maliýe monitoringi boýunça federal gullugynyň direktory Ýuriý Çihançin ýolbaşçylyk etdi. Plenar mejlisde Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan pul serişdelerini kanunlaşdyrmaga garşy göreş ulgamlarynyň ösüşi baradaky hasabatlar tassyklanyldy.