Turkmenportal logo
Düýn 09:57
58855885
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ajaýyp merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyryna onuň etraplardyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda mynasyp orun eýeledi.

Bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Baýrammyrat Ýakubow, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Amanmyrat Maýdyýew «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.