Türkmenistanda ykdysadyýetiň depginli ösmegi, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan yzygiderli goldamak hem-de iri möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin halkara giňişliginde täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle şertlerde türkmen kompaniýalarynyň milli we halkara sergilerine, maýa goýum forumlaryna hem-de işewürlik duşuşyklaryna işjeň gatnaşmagy ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň kuwwatyny dünýä tanatmagyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.
Şeýle ösüş strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan «Ojar Aziýa» HK-sydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işjeň agzasy hökmünde kompaniýa dürli işewürlik çärelerine gatnaşmagy diňe bir resmi gatnaşyk hökmünde däl-de, eýsem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, tejribe alyşmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmagyň we ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini dünýä ýaýratmagyň netijeli guraly hökmünde görýär.

2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda «Ojar Aziýa» milli we halkara derejedäki on sany sergä, foruma we pudaklaýyn çärelere gatnaşdy. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy, «Hyzmatdaşlyk we ösüş – 2026» halkara köpugurly sergisi, Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi, «Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisi we maslahaty, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» halkara ykdysady forumy we sergisi, Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (SPHYF 2026), Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň mejlisi, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 16–17-nji iýulynda Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik forumy we türkmen harytlarynyň hem-de hyzmatlarynyň köpugurly sergisi bar.
Bu çäreleriň her biri türkmen hususy pudagynyň gazananlaryny tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirmäge, geljegi uly maýa goýum başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge giň mümkinçilik döretdi. Şeýle işjeňlik telekeçiligi ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyna, şeýle hem «Ojar Aziýa» HK-synyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we milli ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny ilerletmek boýunça strategik maksatlaryna doly laýyk gelýär.

«Ojar Aziýa» bu çäreleriň ählisinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň öňdebaryjy wekili hökmünde özüniň strategik ähmiýetli infrastruktura taslamasy bolan Sarahs – Mary – Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama Türkmenistanyň ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde, ulag-logistika kuwwatyny pugtalandyrmakda we ýurdumyzyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky möhüm üstaşyr merkeze öwrülmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu giň gerimli taslama Türkmenistanyň döwrebap ulag infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de onuň Ýewraziýanyň möhüm ulag we logistika merkezleriniň biri hökmünde ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Täze ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýük we ýolagçy gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyna, sebitleriň özara ulag arabaglanyşygyny giňeltmegine hem-de halkara söwdasynyň ösmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde taslama halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy bilen doly sazlaşýar. Hususan-da, ol Lapis-Lazuli, Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýany Kawkaz we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Orta geçelgäniň ösdürilmegine goşant goşýar.

«Ojar Aziýa» üçin bu taslamanyň tanyşdyrylmagy diňe bir kompaniýanyň inženerçilik mümkinçilikleriniň görkezilişi bolman, eýsem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin uzak möhletleýin ähmiýete eýe bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklaýan möhüm ädim boldy. Döwrebap awtomobil ýollary durnukly ykdysady ösüşiň, sebitleriň sazlaşykly ösüşiniň, söwdanyň giňelmeginiň we döwletiň maýa goýum özüne çekijiliginiň möhüm binýadyny emele getirýär.
Türkmen halky gadymdan bäri bina gurmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly sogap işlere aýratyn sarpa goýupdyr. Şeýle döredijilikli zähmet hemişe halka hyzmat edýän, geljek nesiller üçin hyzmat edýän asylly iş hasaplanypdyr. Häzirki wagtda bu asylly däp dünýäniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän döwrebap infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi arkaly mynasyp dowam etdirilýär.
«Ojar Aziýa» HK-synyň milli we halkara derejedäki iri işewürlik meýdançalaryna yzygiderli gatnaşmagy kompaniýanyň uzak möhletleýin ösüşe, öňdebaryjy çözgütleriň ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. Strategik infrastruktura taslamalaryny ilerletmek bilen, kompaniýa Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, milli telekeçiligiň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň açyklyga, döredijilige we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan döwlet syýasatyna laýyklykda ykdysady ösüşine mynasyp goşandyny goşýar.