Torty diňe «göz çen bilen» saýlamak aňsat däl: käbirinde kremi şowsuz çykýar, käbiriniň biskwiti gurak bolýar, käbirinde bolsa önümiň täzeligine şübhäň döreýär. Hut şonuň üçin hem Aşgabatda «Zyýat Hil» ady gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe boldy. 2020-nji ýylda öz ilkinji dükanyny açan bu konditer dükanlary zynjyry sanlyja ýylyň içinde adamlaryň «tort aljak bolsaň — diňe şol ýerden algyn» diýýän brendine öwrüldi.
Ähli zat nämeden başlandy
Ilkinji «Zyýat Hil» konditer dükany mundan alty ýyl öň paýtagtda açyldy. Maksat ýönekeý we şol bir wagtyň özünde, geljege gönükdirilendi — maşgala agşamlygynda ýa-da toý dabarasynda saçaga goýanyňda ýüzüňi utandyrmajak ajaýyp süýjülikleri öndürmek. Şu günki günde bu konditer dükanlar zynjyry paýtagtyň dürli künjeklerinde üç sany söwda nokadyny özünde birleşdirýär:
· Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý;
· Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi;
· Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat.

Üç dürli salgy — emma kompaniýanyň her bir söwda nokadynda berk saklaýan ýokary hil standarty.
Ilki bilen nämäni dadyp görmeli
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň hödürleýän önümleriniň görnüşleri — nusgawy tagamlar bilen täzeçilligiň utgaşmasydyr. Bir tarapdan — çagalykdan tanyş bolan «Napoleon» we medowik, olar bu ýerde barlagdan geçen reseptler boýunça taýýarlanylýar. Beýleki tarapdan bolsa — zynjyryň konditerleriniň özleri tarapyndan oýlanyp tapylýan we synagdan geçirilýän üýtgeşik tagamly awtorlyk süýjülikleri.
Toýlar, doglan günler, ýubileýler we agşamyň saçagyny diňe bir süýjülik bilen bezemek däl-de, özboluşlylyk çaýmak zerur bolan islendik dabaralar üçin sargyt boýunça tortlary taýýarlamak zynjyryň aýratyn iş ugurlarynyň biridir.
«Diňe tagamy barada däl — düzümi barada hem soraýarlar»
Adamlaryň bu brende näme üçin beýle ähmiýet berýändigini bilmek üçin dükanyň işgärleri we hemişelik alyjylary bilen söhbetdeş bolduk.

Orazgül, «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň biriniň satyjy-maslahatçysy:
«Adamlar iýýän zatlaryna has ünsli çemeleşip başladylar. Müňlerçe adam ozal diňe bahasy we süýjüligi barada soraýan bolsa, indi ilki bilen önümiň düzümi bilen gyzyklanýarlar: düzümindäki zatlar tebigymy, kremi nämeden edilýär, konserwantlar barmy-ýokmy diýip soraýarlar. Biziň muňa jogabymyz taýyn — ähli önümlerimiz hut şu ýerde taýýarlanylýar we biz arassaçylyk kadalaryny berk berjaý edýäris, şonuň üçin her bir alyja süýjüligiň nämeden taýýarlanandygyny arkaýyn düşündirip bilýäris».
Merdan, hemişelik alyjy, maşgala dabaralary üçin tort sargyt edýär:
«Men bu ýerden tort sargyt etmäge iki ýyl mundan öň, gyzymyň doglan gününe bir zat gözläp ýörkäm başladym. Şondan bäri başga ýere baramok. Meniň üçin şäheriň beýleki çetine gitmezlik möhüm — öýümiň ýanynda söwda nokady bar, eger daşary çykmaga ýaltanýan bolsaň, özleri eltip berýärler. Bir gezek agşam dükanyň ýapylmagyna az galanda eltip bermek hyzmatyny sargyt etdim — gaty çalt getirdiler, tort bolsa kän wagtlap saklanan däl-de, ýaňyja sowadyjydan çykarylan ýaly täzedi».
Baýramgül, her hepde diýen ýaly süýjülik satyn alýar:
«Maňa bu ýerdäki önüm bolçulygy ýaraýar — tekjede «üç gňrnüş tort» duranok, hakykatdan hem önümler köpdürli: nusgawy tortlar hem bar, täze bir zady dadyp görmek mümkinçiligi hem bar. Olaryň bally torty (medowigi) edil enemiňki ýaly, bir gezek üýtgeşik tagamly süýjüligi alyp gördüm, halamaryn öýtdüm, emma iň soňky bölejigine çenli iýdim».
Ýeňillik önümiň bir bölegi hökmünde
«Zyýat Hil» dynç günsüz — her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli işleýär, bu bolsa şeýle derejedäki konditer dükanlary üçin seýrek duş gelýän zatdyr. Dükana gelmäge mümkinçiligi bolmadyklar üçin bolsa eltip bermek hyzmaty bar: sargytlar tutuş Aşgabat boýunça eltilip berilýär, satyn alnan harydyň bahasy 150 manatdan geçse, paýtagt we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Bu müşderi barada aladanyň diňe bir süýjüligiň hili bilen däl, eýsem, ony satyn almagyň näçe aňsatdygy bilen hem beýan edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geljekki meýilnamalar
Kompaniýa bu üstünlikleri bilen çäklenmeýär: konditer düknalary zynjyrynda täze reseptleri işläp taýýarlamagy, tagamlaryň utgaşmasyny synagdan geçirmegi we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýärler. «Zyýat Hil» brendiniň Aşgabadyň süýjülik bazarynda näçe çalt öz ornuny berkidendigine seretsek, onuň öňünde alyjylar üçin hem, kompaniýanyň özi üçin hem entek köp sanly «süýji» açyşlaryň durandygy ikuçsuzdyr.
Salgylary we habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254 — tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61
Garadaşaýak ÝT, «Seýran» SM — tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62
Gurtly ÝT, 3, 1-nji gat — tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63
Sosial ulgamdaky sahypasy.