Turkmenportal logo
Düýn 13:01
83158315
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäheriniň häkimligi awgust aýy üçin raýatlary kabul etmegiň tertibini tassyklady

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýüz tutmalaryna netijeli garamak maksady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň, şäher etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem bu işe degişli edaralaryň wekilleriniň 2026-njy ýylyň awgust aýynda raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy. Kabul edişlikler degişli häkimlikleriň binalarynda geçiriler.

Tassyklanan tertibe laýyklykda, Aşgabat şäher häkimliginde raýatlaryň kabul edişligi 8-nji we 22-nji awgustda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.

Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap häkimliklerinde bolsa raýatlaryň kabul edişligi 1-nji, 15-nji we 29-njy awgustda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.