Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Galkan» töleg mobil goşundysyny kämilleşdirmek üçin enjamlary satyn alýandygyny yglan etdi.
Gatnaşmak üçin resminamalar we arzalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156-njy jaý — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Maglumat üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Goşmaça maglumatlar e.fineconomic.gov.tm saýtynda ýerleşdirilendir.
«Galkan töleg» goşundysy ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we ol awtoulag eýelerine Ýol gözegçilik gullugy tarapyndan ýazylan jerimeleri görmäge hem-de olary «Altyn asyr» bank kartlarynyň kömegi bilen tölemäge mümkinçilik berýär. Jerime tölenenden soň, ol derrew maglumatlar binýadyndan öçürilýär, bu bolsa ulanyjylar üçin amallary ep-esli ýeňilleşdirýär. Goşundy Türkmenistanyň sürüjileriniň arasynda giň meşhurlykdan peýdalanýar we şu güne çenli «Google Play-de» 99 müňden gowrak gezek göçürilip alyndy, onuň reýtingi bolsa 900 synyň esasynda 5 ýyldyzdan 4,69 ýyldyza deňdir.