Turkmenportal logo
Şu gün 14:14
33333333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dunaý — Orhon ýüpek ýoly» syýahatçylyk awtorallisiniň gatnaşyjylary Türkmenistana geldiler

Türkmenistan ýeňil awtoulaglaryň arasyndaky 5-nji «Dunaý — Orhon ýüpek ýoly» syýahatçylyk awtorallisiniň gatnaşyjylaryny kabul etdi. Ýurda jemi dokuz awtoulag we 16 adam geldi.

Myhmanlar Aşgabat şäherinde bolup, bu ýerde türkmen paýtagtynyň resmi wekilleri tarapyndan garşylanyldy. Türkmenistan awtoulag kerweniniň gatnaşyjylary üçin ahyrky nokat bolan Mongoliýa barýan ýoldaky möhüm menzilleriň birine öwrüldi.

«Dunaý — Orhon ýüpek ýoly» awtorallisi «Gündogar — Günbatar dostluk ralli birleşigi» tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar. Bu çäräniň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan halklaryň medeniýetini, taryhy ýadygärliklerini we däp-dessurlaryny wagyz etmekden hem-de olary biri-birine ýakynlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Awtoralliniň umumy uzynlygy, takmynan, 9 — 11 müň kilometre barabardyr. Ralli Dunaý derýasynyň kenaryndan başlap, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçýär hem-de Mongoliýanyň Orhon ýadygärliklerinde tamamlanýar.