Turkmenportal logo
Düýn 17:38
1679816798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Turkmenportala habar berdi.

Taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli syýasy dialogyň hem-de özara saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan goşandyny belläp, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň netijesinde hyzmatdaşlygyň strategik derejä ýetendigini nygtadylar.

Duşuşykda ýurtlarymyzyň arasynda ulag, şeýle hem tranzit, logistika, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlarynda häzirki ýagdaý we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň we sebitde artýan tranzit mümkinçiliginiň ulag geçelgelerini giňeltmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem, Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň işleriniň çarçuwasynda sanly ösüş, telekommunikasiýa infrastrukturyny kämilleşdirmek, ulag-logistika we tranzit aragatnaşyklaryny berkitmek boýunça täze mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklaryň, esesan hem agzalan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi.