Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky adalgalar geňeşi 40 sany alynma sözi özbek dilindäki manydaş söz bilen çalyşmagy makullady. Bu barada Respublikanyň Ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Çözgüt Prezidentiň 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul eden özbek dilini ösdürmäge hem-de dil syýasatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kabul edildi.
Çap edilen sanawda özbek diline nemes, latyn, iňlis, fransuz, grek, italýan we rus dillerinden geçen sözler bar. Mysal üçin, «aýsberg» sözi özbek dilinde «muztog» – sözme-söz «buz dagy», «swetofor» sözi «yo‘lchiroq» («ýol» we «yşyk» sözleri) bilen çalşylar.
«Biz bu işler öz wagtynda geçirilýär diýip hasaplaýarys. Munuň özi özbek diliniň arassalygyny saklamaga, onuň doly bahaly hereket etmegine we döwlet dili hökmünde ösüşine ýardam berer» diýip, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynda aýtdylar.
