Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rowachlan Galkynyşdan mellekler we ýyladyşhanalar üçin polipropilen mata — berklik, goraglylyk we amatly çözgüt

13:1017.07.2025
0
24899

Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy Rowachpack brendi bilen mellek ýerlerinde, ýyladyşhanalarda we ekerançylykda ulanylýan ýörite polipropilen matasyny (PP) hödürleýär.

Bu material daşarky täsirlere ýokary çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Önüm ak granuladan öndürilen ýokary hilli polipropilen süýümlerinden taýýarlanylýar. Şeýle süýümli material diňe bir uzak ömri üpjün etmän, eýsem +160°C derejä çenli bolan temperaturadan goraglylygy saklamaga ukyplydyr — bu bolsa yssy şertlerde ýa-da gazaply howa gurşawynda möhüm şert bolup durýar.

Önümiň tehniki aýratynlyklary:

  • Ini: 1 metrden 4 metre çenli;
  • Dykyzlygy: 65 g/m²-den 200 g/m²-e çenli;
  • Reňki: müşderiniň islegi boýunça islendik görnüşde;
  • Ultramelewşeden goragy: 1%, 3% ýa-da 5% derejesinde UM-durnuklylygy — sargyt esasynda.

UM-durnuklylygy sebäpli mata gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden ygtybarly goralýar, bu hem açyk howada ulanylan şertlerinde onuň hyzmat ediş möhletini ep-esli uzaldýar.

Ulanylýan ýerleri:

  • Joýalaryň we ýyladyşhanalaryň örtükleri hökmünde;
  • Topragyň guramagyndan goramak üçin;
  • Haşal otlaryň ösmeginiň öňüni almakda;
  • Ösümlikleri örtmek we mulçirlemek üçin;
  • Ýyladyşhanalary we oba hojalyk desgalaryny berkitmekde.

Rowachpack her bir müşderä aýratyn çemeleşýär — polipropilen matasynyň ulanylyş ugry bilen baglylykda islendik ini, dykyzlygy, reňki we UM goraglylyk derejesi boýunça ýörite sargytlar kabul edilýär.

Sargyt etmek we maslahat almak üçin habarlaşyp bilersiňiz:

(+993 62) 29 29 69
(+993 12) 29 29 69
rowachpack@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň