Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Huawei» halkara bazara dünýäde ilkinji üç epilýän «Mate XT» smartfonyny çykardy

16:0119.02.2025
0
14718
«Huawei» halkara bazara dünýäde ilkinji üç epilýän «Mate XT» smartfonyny çykardy
Surat: interfax.ru

Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy täze «Mate XT» kysymly eplenýän smartfonyny halkara bazara çykardy. Bu barada CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Bu üç eplemek mümkin bolan ilkinji smartfondyr. Onuň bahasy 3499 ýewrodan başlanar, emma kompaniýa eltelefonyň haýsy ýurtlarda elýeterli boljakdygyny heniz habar bermedi. «Mate XT» kysymyň Hytaýdaky satuwlary geçen 2024-nji ýylda başlandy.

«Huawei» öň smartfonlaryň dünýä bazarynda iň iri kompaniýalaryň biridi, emma 2019-njy ýylda amerikan sanksiýalary sebäpli öňdebaryjy çiplere hem-de Android ulgamlara elýeterlilikden mahrum bolandan soňra, onuň bazardaky paýy güýçli kemeldi. «International Data Corporation» (IDC) guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, «Huawei» häzir Hytaýyň çäklerinden daşarda smartfonlar bazarynyň bary-ýogy 0,3 göterimini eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň