Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýada Lewoboti ýanardagy oýandy, iň ýokary howp yglan edildi

18:1408.07.2025
0
21124
Indoneziýada Lewoboti ýanardagy oýandy, iň ýokary howp yglan edildi
Surat: Ura.news

Indoneziýanyň Flores adasyndaky Lewoboti ýanardagy oýandy, ol ýerli wagt bilen sagat 12:10-da çogup başlady. Ýaponiýanyň meterologik gullugy onuň asmana pürkýän külüniň 19 kilometr belentlige ýetendigini habar berdi, şunuň bilen baglylykda, ýerli ilat hem-de sebitiň myhmanlary üçin iň ýokary derejedäki howp yglan edildi.

Ýaponiýanyň howa gullugynyň maglumatlaryna görä, häzir hünärmenler ýanardagyň çogmagy netijesinde ýüze çykyp biljek deňiz harasatynyň döremek howpuny öwrenýärler. Ýaşaýjylara we jahankeşdelere ýanardaga alty kilometr golaý barmazlyk maslahat berilýär.

Lewoboti ýanardagy Indoneziýanyň çägindäki iň işjeň ýanardaglaryň biridir. Ol iki belentlikden ybarat, olaryň iň işjeňi bolan Lewoboti Laki-lakiniň beýikligi 1584 metre deň bolup, has beýik Perempuan gerşinden iki kilometrlikde ýerleşýär, onuň beýikligi bolsa 1703 metre deň diýip, «Ura.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň