Hakasiýanyň paýtagty Abakan şäherini suw basdy, güýçli çabgalar köçeleri gark etdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Şäheriň degişli jemagat gulluklary köçelerdäki, ýerasty ötüklerdäki suwy sorduryjy enjamlaryň kömegi bilen toplaýarlar. Lagym guýular gerk-gäbe doldy, şonuň üçin suw daşaýjy ulaglary peýdalanmaly boldy.
Bulaşyk howa sebäpli şäheriň köçelerindäki ýolyşyklarynyň käbiri hatardan çykdy. Ýagyş ýagmagy dowam edýär. Howa maglumaty gullugy onuň çarşenbe güni öýleden soňra diňjekdigini habar berýär. Gullugyň işgärleri penşenbe güni howa maýlap, 30 gradus yssy başlanar diýip, çaklaýarlar.