Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkä tohum geçileri köpeltmek boýunça zawoda saparynyň çäklerinde iki sany geçi sowgat berdiler. Bu barada belarus Lideriniň resmi Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
«Birinjä iki sany tohum geçi sowgat berdiler. Alp we zaanen tohumyndan. Hojalyk mallary artdy» diýlip, habarda bellenýär. Döwlet Baştutany degşip, sowgadyň ýerine goýun teklip etdi.
Kärhana bilen tanyşlykdan soňra belarus Prezidenti we žurnalistler ol ýerde öndürilýän önümleri, şol sanda geçi süýdünden ýasalan peýniri dadyp gördüler.
17-nji iýunda Aleksandr Lukaşenko ýurtda sygyr malyna ýadygärlik dikmek barada teklip bilen çykyş edipdi. Ol muny sygryň hemişe we şu günem ýurduň wajyp malydygy bilen delillendirdi. Prezident adamlaryň saglygy hakynda aladany sygyrlaryň saglygy baradaky aladadan başlamagy ündedi: sygyrlar oňat iýmlenmelidir we arassa howadan dem almalydyr diýip, Lukaşenko nygtady.