Soňky habarlar

Arhiw

Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän «Macfrut 2024» sergisine gatnaşýar

12:5109.05.2024
0
14655

Türkmenistanyň 8 sany hususy kompaniýasy 8-10-njy maý aralygynda Italiýanyň «Rumini» sergi merkezinde geçirilýän «Macfrut 2024» halkara sergisine gatnaşýar.

HHM-iň habar bermegine görä, bu halkara sergi miwe we gök önümler pudagyna bagyşlanýar.

Türkmen kompaniýalary bu sergä USAID-iň Merkezi Aziýada söwda (TCA) maksatnamasy tarapyndan berilýän goldaw esasynda gatnaşýarlar.

Sergä gatnaşýan türkmen kompaniýalarynyň arasynda ter pomidorlary öndürmeklige ýöriteleşen «Ýigit» HJ we «Arkadaş Gurluşyk» HK, ýertudanalary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Hilli Gaplama» HK, guradylan miweleri öndürýän «Shaylan» HK we beýlekiler bar.

Çeşmäniň habaryna görä, türkmen kompaniýalarynyň serginiň çäginde birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmeklerine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň