Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aýterek» Türkmenistandaky kafeleri, dükanlary we döwlet edaralaryny bir goşundyda jemledi

13:3812.07.2025
0
49371

Türkmenistanda meşhur «Aýterek» ykjam goşundysy özüni tutuş ýurduň çäginde ýerleşýän edaralary tapmak üçin ýeke-täk sanly platforma öwürýän möhüm täzelenme çykardy. Bu barada ykjam goşundyny işläp düzüjiler habar berdiler.

Täzelenen ykjam goşundynyň ýörite bölüminde ulanyjylar kafeleriň, restoranlaryň, dermanhanalaryň, dükanlaryň, myhmanhanalaryň, döwlet edaralarynyň we dürli hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň maglumat bazasyna girip bilerler. Her bir edara üçin jikme-jik maglumat elýeterlidir: habarlaşmak üçin telefon belgileri, salgysy, iş tertibi, hyzmat aýratynlyklary we takyk ýerleşýän ýeri (geolokasiýasy).

Reýting we gözden geçiriş ulgamy ulanyjylara beýleki müşderileriň bahalandyrmalaryna esaslanyp, iň ygtybarly ýerleri saýlamaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar özbaşdak synlary goýup we baha berip bilerler, bu işläp düzüjileriň pikiriçe, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder.

Edaralaryň eýelerine indi ýörite ýüzlenme arkaly öz profilini özbaşdak dolandyrmak mümkinçiligi döredildi. Olar fotosuratlary, menýulary, düşündirişleri goşup, aksiýa döredip, önümleri iberip we müşderileriň synlaryna jogap berip bilerler.

Nawigasiýada aňsatlyk üçin ykjam goşundyda karta boýunça ugurlary bellemek, geolokasiýa açyk bolanda, ulanyjynyň häzirki ýerleşýän ýerine ýakynlygy boýunça edaralary tertiplemek mümkinçiligi bardyr.

Işläp düzüjiler kafeleri we restoranlary halaýanlara aýratyn üns berdiler – süzgüçlerde belli bir aşhanasy bolan (türk, hytaý, italýan we ş.m.) ýerleri saýlamak, şeýle hem oýun meýdançasy, eýwany we beýleki aýratynlyklary bolan ýerleri tapmak mümkindir.

Işjeň ulanyjylar meýletinlik esasynda öz şäherlerinde we etraplarynda täze edaralary goşup bilerler, şeýle hem edaralaryň salgylarynda ýa-da aragatnaşyk maglumatlarynda nätakyklyklary tapsalar, teklipleri we teswirleri iberip bilerler. Şäherleriň we etraplaryň gurluşy döwlet statistika klassifikatoryna laýyk gelýär.

«Aýterek» ykjam goşundysy «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir, ähli funksiýalar ayterek.com saýtyndaky web nusgasynda hem işleýär.

Işläp düzüjileriň habarlaşmak üçin maglumatlary:

telefon: (+993 61) 44 22 83

email: mahabat@ayterek.com

sosial ulgamlar we TikTok

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň