Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly gümrükçiler Kişinýowda geçirilen «Peer Learning Initiative» görnüşindäki sebitleýin çärä gatnaşdylar

15:0410.07.2025
0
18549

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 30-njy iýun — 2-nji iýul aralygynda Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde Halkara Söwda Merkezi (ITC) tarapyndan Moldowanyň Gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlykda gurnalan «Peer Learning Initiative» (Tejribe alyşmak başlangyjy) görnüşindäki sebitleýin çärä gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda berilýän habara görä, çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we ITC tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

Çäräniň esasy ugry ygtybarly daşary söwda gatnaşyjylary bilen işlemekde öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly boldy. Bu maksatnamalar halkara söwdany ýeňilleşdirmekde we gümrük amallaryny has netijeli guramakda möhüm orny eýeleýär.

Gatnaşyjylar gümrük işini döwrebaplaşdyrmak, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek hem-de YYO maksatnamalaryna hususy kärhanalaryň işjeň gatnaşygyny üpjün etmek boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

Çäräniň dowamynda Moldowanyň ygtyýarly ykdysady operator şahadatnamasyna eýe bolan kompaniýalarynyň we Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bolup geçen sorag-jogaplar, pikir alyşmalar arkaly gatnaşyjylar YYO maksatnamasynyň ornaşdyrylmagy boýunça Moldowanyň tejribesi bilen giňden tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň