Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy

14:0814.07.2025
0
18658
Birža söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy
Surat: Oilgas.gov.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), suwuklandyrylan gazy, hlorly natrini («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar.

Şeýle hem Serbiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine arassalanmadyk guradylan buýan köki, boýalan matalar, erkekler üçin niýetlenen köýnekler, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 818 müň manatdan gowrak bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklaryny, pagta soapstogynyň, pagtanyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň