Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär

09:3726.04.2024
0
11351

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmek, raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň Pensiýa gaznasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň, bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň mümkinçiliginden doly peýdalanmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer H.Geldimyradowa «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň