25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär

09:2526.04.2024
0
10304

Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda 2023-2024-nji ýylyň okuw ýylynyň tamamlanmagy, "Soňky jaň" dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow olara görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, 25-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri geçiriler. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdaklaryna gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Soňra ýurduň ähli orta mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Şol gün ýurduň bagtyýar uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlerine, seýilgählerine gezelençleriniň guralmagy meýilleşdirilýär.
25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurduň ähli künjeklerinde hem baýramçylyk çäreleri guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň