«Merw» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşygynda «Nebitçiden» üstün çykdy

10:4024.04.2024
0
7490

Marynyň «Merw» futbol topary türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň äçylyş duşuşygynda Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi.

Duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ýeke-täk goly 84-nji minutda Guwanç Berdimyradow geçirdi.

Oýnuň juda dartgynly geçendigini emin Çarymyrat Gurbanowyň 8 oýunça sary kart görkezip, olaryň birini meýdandan çykarmagy hem tassyklaýar.

Bu ýeňişden soň utugyny 15-e çykaran «Merw» ýaryş tertibinde dördünji orna göterildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň