«China Southern Airlines» Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär

10:5323.04.2024
0
16274

18-nji maýdan başlap Hytaýyň «China Southern Airlines» kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär. Howa gatnaw gullugynyň «Turkmenportal»-a habar berşi ýaly, täze uçuş şenbe günleri Urumçi — Aşgabat we ýekşenbe günleri Aşgabat — Urumçi ugurlarynda amala aşyrylar.

Häzirki wagtda Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Urumçiden uçuşlar sişenbe güni, Aşgabatdan uçuş bolsa çarşenbe güni amala aşyrylýar.

Şeýlelik bilen, goşmaça yzygiderli gatnawlar Türkmenistandan ýolagçylara has gysga wagtda syýahat etmäge we awiakompaniýalaryň uçarlarynda Aşgabat şäherine has çalt dolanmaga mümkinçilik berer.

Aşgabat — Urumçi uçuşy üçin ekonom klasynda bir taraplaýyn howa petekleriniň bahasy 381 dollar, iki taraplaýyn petegiň bahasy 612 dollardyr. Ýolagçylar ýanlary bilen 32 kg çenli goşlary tölegsiz alyp bilerler.

Ýolagçylar «China Southern Airlines» Aşgabatdaky ofisinden awiakompaniýanyň Hytaýyň içindäki içerki gatnawlaryna hem petek satyn alyp bilerler. Kassa: Magtymguly şaýoly, 141/1 («Ak altyn» myhmanhanasy), 206-njy ofis.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 36-44-51.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň